Daşoguz şäherinde 80-den gowrak täze ýaşaýyş jaýy gurulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz şäherinde 80-den gowrak täze ýaşaýyş jaýy gurulýar
Daşoguz şäherinde ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy, 2021-nji ýylyň 21-nji iýuly

Häzirki wagtda Daşoguz şäherinde 80-den gowrak täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Daşoguz şäherinde gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň 3-si ulanylmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, her biri 32 öýli, dört gatly 2 jaýyň hem-de 16 öýli, dört gatly bir jaýyň gurluşygyny “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasynyň işçileri alyp bardy.

Häzirki wagtda hususy kärhananyň işçi-hünärmenleri welaýat merkeziniň Zaman köçesiniň ugrunda 7 gatly jaýlaryň 12-siniň gurluşyk işlerini alyp barýar. Bu täze toplumdaky jaýlaryň 5-siniň her biri 42 öýli, 4-si 56 öýli, 3-si 84 öýli jaýlardyr.

Şäheriň gündogar çetinde gurulýan täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň umumy meýdany 71 gektara barabar bolup, bu ýerde jemi 1496 maşgala niýetlenen dört gatly jaýlaryň 70-si, Saglyk merkezi, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep, hyzmatlar öýi hem-de durmuş maksatly desgalaryň ençemesi bina ediler.

Dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini “Sekizýyldyz”, “Ykjam bina”, “Döwürgurluşyk”, “Körpegurluşyk”, “Merdana doganlar”, “Bagtyýarlyk ýoly” hususy kärhanalary alyp barýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022