“Argus” türkmen kompaniýalaryny nebit önümleri boýunça halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Argus” türkmen kompaniýalaryny nebit önümleri boýunça halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar
"Argus Oil Products 2023. Caspian and Central Asia Markets" atly halkara konferensiýa, 2023-nji ýylyň 16-17-nji marty, Dubaý, BAE (Surat: Argus Media)

"Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy türkmen kompaniýalaryny 2024-nji ýylyň 6-7-nji martynda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Dubaý şäherinde geçiriljek “Argus Oil Products 2024. Hazar we Merkezi Aziýa bazary” atly halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar.

"Argus” halkara baha kesgitleýji gullugynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar bermegine görä, bu konferensiýa Hazar sebitiniň, Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň nebit we nebit önümleri bazarlarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin iri halkara nebit, söwda, ulag we logistika kompaniýalarynyň öňdebaryjy ýolbaşçylaryny bir ýere jemlär.

Geçen ýyl bu konferensiýa 30 ýurduň 150 kompaniýasyndan 400-den gowrak wekiliýet gatnaşdy.

Konferensiýanyň gün tertibi aşakdaky mowzuklary öz içine alar:

  • Dünýädäki nebit we nebit önümleri bazarlarynyň täze döwri. Global akymlaryň üýtgemegi;
  • dünýädäki nebit we nebit önümleri bazaryndaky makroykdysady şertlere we senagat tendensiýalaryna syn. Dünýädäki islegiň ösüşi;
  • Ýewropanyň turşy nebit bazaryndaky ösüşler we KEBCO (Kazakhstan Export Blend Crude Oil) görnüşiniň geljegi;
  • ýük daşama bazary: nebit önümlerini daşamagyň ugurlaryny giňeltmek, ulag çykdajylaryna, ätiýaçlandyryş bazaryndaky üýtgeşmelere täsir;
  • Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde nebiti gaýtadan işlemegiň häzirki ýagdaýy (Hindistan, Hytaý, Indoneziýa);
  • Türkiýedäki tendensiýalar: nebit önümleriniň importynyň we eksportynyň ösüşi;
  • Ýakyn Gündogar bazarlary: päsgelçilikler we mümkinçilikler;
  • Gazagystandan üstaşyr akymlar;
  • Türkmenistandan we Özbegistandan nebithimiýa önümleriniň üpjün edilmegi;
  • Owganystana, Eýrana we Pakistana nebit we nebit önümleriniň importy boýunça soňky tendensiýalar we olaryň geljegi;
  • Hazar deňiz sebitinde we Merkezi Aziýada ulag hem-de üstaşyr mümkinçilikler;
  • Merkezi Aziýa sebitinde serhetaşa ylalaşyklar baglaşylanda geçiriş bahalarynyň kesgitlenilmeginiň esaslary.

Amatly baha tekliplerini almak üçin 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabryna çenli “Early Bird” programmasy arkaly ýazylyň.

Has giňişleýin maglumatlary “Argus” halkara baha kesgitleýji gullugynyň konferensiýa bölüminden ýa-da onuň web sahypasyndan alyp bilersiňiz.

2022