Ýanwar-awgust: Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” 1,5 million tonna ýük daşady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-awgust: Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” 1,5 million tonna ýük daşady
"Bitarap" gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda

Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdalar jemgyýetiniň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 1 million 509 müň tonna ýük daşaldy.

“Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň metbugat gullugynyň duşenbe güni habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotuň meýilnamasy 130,1 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabata görä, şu ýylyň sekiz aýy boýunça ýük dolanşygy 626 million 355 müň tonna-kilometra deň bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwüri bilen deňeşdirilende 25,4 göterim ýokarlandy we ýanwar-awgust aýlaryndaky ýük dolanyşyk meýilnamasy 227,4 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary boýunça ýolagçy dolanşygy 2022-nji ýylyň degişli döwüri bilen deňeşdirilende 165,5 göterim ýokarlandy we 6 million 194 müň ýolagçy-kilometre barabar boldy.

Mundan başga-da, hasabat döwründe daşalan konteýnerleriň sany 2 müň 773 TEU deň boldy we 2,6 esse artdy. Ýük daşamalarynyň ösüş depgininiň ýokarlanmagy, ilkinji nobatda, çig nebitiň, nebit önümleriniň eksportynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr.

2022