Aşgabatda Eýranyň senagat önümleriniň sergisi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Eýranyň senagat önümleriniň sergisi geçiriler
Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi, 2023-nji ýylyň 15-17-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şu ýylyň noýabr aýynda Eýranyň senagat önümleriniň sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi çarşenbe güni habar berdi.

“Biz Aşgabat şäherinde noýabr aýynda “Iran Project” atly Eýranyň önümleriniň ýöriteleşdirilen sergisini geçirmek isleýäris. Sergide Tehniki we inženerçilik hyzmatlary, şeýle hem gurluşyk materiallary, ýurduň binagärlik, nebithimiýa, nebit, gaz we energetika pudaklary görkeziler” diýip, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi belledi.

Şeýle hem Golam Abbas Arbab Hales Aşgabat şäherinde oktýabr aýynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň 17-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi. Bu çärä Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi soňky gezek şu ýylyň fewral aýynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Sergide nebit, gaz we nebithimiýa önümleri, tehniki we inženerçilik hyzmatlary, lukmançylyk, derman we saglyk enjamlary, şeýle hem metallar, minerallar, agaç, awtoulag we ätiýaçlyk şaýlary görkezildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022