Balkan welaýatynda kaustik we kalsinirlenen soda öndürýän zawod gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkan welaýatynda kaustik we kalsinirlenen soda öndürýän zawod gurlar
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda ýylda 100 müň tonna kalsinirlenen soda we 30 müň tonna kaustik soda öndürmäge kuwwaty bolan täze zawod gurlar.

“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan bu zawodyň taslamasyny düzmek we ony doly gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Balkan welaýatynda degişli zawody gurmak boýunça yglan edilen bäsleşik “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde sişenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin oňa isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezilip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly.

Bäsleşik teklipli bukjalar bäsleşige gatnaşmak üçin töleg serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar. Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

2022