Gurbanguly Berdimuhamedow Berlinde “Merkezi Aziýa + Germaniýa” sammitine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Berlinde “Merkezi Aziýa + Germaniýa” sammitine gatnaşdy
“Merkezi Aziýa + Germaniýa” görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygy, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabry, Berlin, Germaniýa (Surat: Gyrgyztanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherine bolan saparynyň çäklerinde anna güni “Merkezi Aziýa + Germaniýa” görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysady ösüş meselesi barada aýtmak bilen, bu prosessiň ählumumy özara baglanyşyk häsiýetine eýedigini, häzirki wagtda dünýä ykdysady ulgamy diýlende, diňe bir dürli ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ýakynlaşmagy göz öňünde tutulman, eýsem, onuň köpsanly düzüm bölekleriniň sazlaşykly işini hem aňladýandygyny belledi. Habarda bellenilşi ýaly, olaryň hatarynda energetika, ulag pudaklary hem-de maliýe ulgamy ýaly öňden bar bolan ugurlar bilen bir hatarda, sanlylaşdyrmak, emeli intellekt we ýaşyl tehnologiýalar ýaly ykdysadyýetiň täze ugurlarynyň bardygy bellenildi.

Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşygyň dowamynda ekologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

2022