Türkmenistanyň we Hytaýyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary (NGIZ) Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň (ÝYB) çägini nebit önümleri bilen üpjün ediji bolup biler. Bu barada Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýewiň aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi çarşenbe güni habar berdi.
“ÝYB-nyň çägine nebit önümlerini iberip biljekleriň arasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny görýäris. Bu proses iş tertibinde alnyp barylýar” diýip, Almasadam Satkaliýew belledi.
Gazagystanyň energetika ministri nebit önümleriniň Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň çägine import edilmegi bilen baglanyşykly käbir düzgünleriň bardygyny aýtdy we Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň talaplaryna laýyklykda, ÝYB-niň çägine nebit önümlerini eksport edýän zawodlaryň kepilnamasynyň bolmagynyň zerurdygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen şu ýylyň 29-nji sentýabrynda geçiren duşuşygynda german kompaniýalaryny Hazar deňziniň ýalpak suwly ýerlerini özleşdirmäge gatnaşmaga çagyrdy.