Türkmenistan bilen Azerbaýjan işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Azerbaýjan işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň arasyndaky duşuşyk, 4-nji oktýabr, Aşgabat (Surat: Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrligi)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew çarşenbe güni Aşgabatda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan-Azerbaýjan bilelikdäki Hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Batyr Atdaýew we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilelikdäki Hökümetara toparyň ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygynyň guralmagyny we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow energiýa ulgamynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen duşuşyk geçirdi.

2022