“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen çarşenbe güni Aşgabatda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda energetika ulgamynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekilleriniň hem gatnaşan duşuşygynda uglewodorod ýataklarynda bilelikde barlag geçirmek, senagat taýdan işlemek we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek ýaly meseleler barada pikir alşyldy.
Mundan başga-da, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda energiýa pudagynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegine, şeýle hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
SOCAR kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Türkmenisanyň we Azerbaýjanyň arasynda energetika ulgamynda baglaşylan resminamalaryň özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşandygy bellenildi.
Şeýle hem Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow we wise-premýer Batyr Atdaýew bilen duşuşdy.