Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar
Türkmenhowaýollary agentligi “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly sergide, 2023-nji ýylyň 3-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täjigistanyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar ulag we aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiligine, şeýle hem ýük daşamak bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi.

“Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamagy teklip edýäris. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak we sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda belledi.

2022