Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbşçylaryny öz içine alýan wekiliýet şu ýylyň 4-6-njy oktýabrynda Awstriýa sapar etdi. Saparyň dowamynda gurluşyk pudagyndaky türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berildi.
Türkmen wekiliýeti Awstriýanyň Federal Zähmet we Ykdysadyýet ministrliginde we ýurduň Ykdysady palatalarynda kabul edildi. Ýörite guralan "tegelek stol" maslahatlarynda iki tarap hem gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri we geljegi barada maglumat alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy habar berdi.
2023-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Awstriýanyň Ykdysady palatasy tarapyndan guralan ýöriteleşdirilen tegelek stolda türkmen wekiliýeti oňa gatnaşyjylary Arkadag şäheri bilen tanyşdyrdy.
Bu çärä Awstriýanyň Hökümetiniň resmi wekilleri, ýolbaşçylar we Awstriýanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Awstriýanyň kompaniýalary täze şäheriň gurulmagy bilen açylýan mümkinçilige gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň we Awstriýanyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.