YÖB Marydaky, Balkandaky, Lebapdaky halkara onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
YÖB Marydaky, Balkandaky, Lebapdaky halkara onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmekçi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşýan pursady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedowa Yslam ösüş bankynyň (YÖB) Türkmenistanyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini hödürleýändigi baradaky hoş habar mälim edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň milli lideri gurluşygy alnyp barylýan Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde Aşgabatda we Arkadag şäherinde hem-de ýurduň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy, gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklaryna degişli taslamalar we gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalarydyr çyzgylary bilen tanyşdyrylyş çäresine Hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow YÖB bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, bilelikdäki taslamalary yzygiderli amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem bu ýerde Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary we Balkan welaýatynyň çäginde bina edilmegi göz öňünde tutulýan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasynyň taslamalary hem-de binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewür Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkiýeli hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, doly taýýar edip gurmak şertinde ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

2022