"Türkmendeňizderýaýollary" tarapyndan 2,28 million tonnadan gowrak ýük daşaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Türkmendeňizderýaýollary" tarapyndan 2,28 million tonnadan gowrak ýük daşaldy
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Türkmenistan

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2 million 287,7 müň tonna barabar bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 119,9 göterim ýokarlandy. Bu barada agentligiň resmi metbugat gullygy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda ýük daşamak boýunça "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň meýilnamasy 122,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabata görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary boýunça ýük dolanşygy 709,741 million tonna-kilometre deň bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 121,8 göterim artdy.

Şeýle hem bu döwürde ýolagçy dolanşygy 128,200 million ýolagçy kilometre barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 106,9 göterim ýokarlandy.

Bulardan başga-da, şu ýylyň dokuz aýynda Ro-Pax awtoulag we ýolagçy gatnadýan paromlarda 19 müň 28 sany awtoulag daşaldy.

2022