Oppein: Korpus mebellerini öndürýän öňdebaryjy kompaniýa Türkmenistanda önümlerini hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Oppein: Korpus mebellerini öndürýän öňdebaryjy kompaniýa Türkmenistanda önümlerini hödürleýär
“Oppein” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dükany

“Oppein” – öňdebaryjy mebel öndürijisi bolup, dürli jaýlar üçin ýokary hilli we döwrebap mebelleriň giň toplumyny hödürleýär. “Oppein” kompaniýasy Türkmenistanda Ýewropanyň dizaýnyny, global tendensiýalara we nemes hiline laýyklygy gözleýänler üçin ygtybarly hyzmatdaş boldy.

“Oppein” ýokary hilli mebellere, italýan dizaýnyna we ajaýyp jaý interýerini döretmekde aýratyn çemeleşilmegine baha berýän Türkmenistandaky müşderiler üçin ygtybarly saýlaw bolup durýar. Ýigrimi ýyldan gowrak tejribesiniň we Aziýa bazaryndaky ornunyň güýçli bolmagy bilen “Oppein” kompaniýasy önümleriniň ýokary hilini kepillendirýär. Mundan başga-da, “Oppein” önümlerini dünýäniň 120-den gowrak ýurduna eksport edýär.

Bu kompaniýanyň esasy artykmaçlyklarynyň bir hem tutuş öýüň interýerinde mebel dizaýnynyň konsepsiýasyny işläp düzmäge çemeleşmegidir. Kompaniýa aýratyn otaglar üçin mebel taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem jaýyň interýerindäki her bir bölege aýratyn üns berýär. Kompaniýanyň tejribeli dizaýnerleri kiçijik ammardan we geýim otagyndan başlap, myhman otagyna çenli her bir otagyň taslamasyny düzýärler. Olar binagärligiň iň kiçi böleklerine hem-de esbaplaryna üns bermek bilen ajaýyp giňişligi döretmäge çalyşýarlar.

Şeýle hem “Oppein” kompaniýasynyň global tendensiýalary yzarlaýan we öz taslamalarynda durmuşa geçirýän italýan dizaýnerler topary bardyr. Italýan dizaýnerler häzirki zaman durmuşyny görkezýän funksional çözgütleri döredýärler.

“Oppein” kompaniýasynyň önümçiligi Hytaýda ýerleşip, bu ýerde ösen tehnologiýalar we ýokary hilli materiallar ulanylýar. Önümiň berkligini we ygtybarlylygyny üpjün etmek maksady bilen mebeliň her bir bölegi berk hil gözegçiliginden geçirilýär.

“Oppein” dükany stili, birnäçe işi ýerine ýetirip bilijiligi we ýokary hili bilen tapawutlanýan mebelleriň giň görnüşini hödürleýär.

Ähli müşderiler mebelleriň görnüşleriniň katalogy bilen kompaniýanyň oppeinhome.com web sahypasynda tanyşyp bilerler.

“Oppein” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory bilen habarlaşmak üçin:

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Ý.Durdyýew köçesiniň 54-nji jaýy

Telefon belgileri:

75-37-10

70-15-10

Elektron salgysy: oppein.tm@gmail.com

Instagram: oppein.tm

 

2022