Türkmenistan bilen Gazagystandan 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy mukdary 6,7 göterim artdy.
Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentliginiň berýän habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 3,82 million tonna ýa-da daşalýan nebitiň umumy mukdarynyň 16,9 göterimine deň boldy.
Hasabat döwründe Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisiniň üsti bilen daşalan nebitiň umumy mukdary 22,66 million tonna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 4,5 göterim ýokarydyr.
Azerbaýjanyň terminallarynyň üsti bilen şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystandan eksport edilen nebitiň umumy mukdary 2,9 million tonna deň boldy.