Türkmenistan we Gazagystan Baku şäheriniň üsti bilen nebit eksportyny artdyrdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gazagystan Baku şäheriniň üsti bilen nebit eksportyny artdyrdylar
Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebit platformasy

Türkmenistan bilen Gazagystandan 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy mukdary 6,7 göterim artdy. 

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentliginiň berýän habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 3,82 million tonna ýa-da daşalýan nebitiň umumy mukdarynyň 16,9 göterimine deň boldy.

Hasabat döwründe Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisiniň üsti bilen daşalan nebitiň umumy mukdary 22,66 million tonna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 4,5 göterim ýokarydyr.

Azerbaýjanyň terminallarynyň üsti bilen şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystandan eksport edilen nebitiň umumy mukdary 2,9 million tonna deň boldy.

2022