“PEL Ltd” -“OGT 2023” halkara forumynyň altyn derejeli hyzmatdaşy boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“PEL Ltd” -“OGT 2023” halkara forumynyň altyn derejeli hyzmatdaşy boldy
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum, 26-27-nji aprel, Dubaý, BAE

“PEL Ltd” kompaniýasy 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň altyn derejli hyzmatdaşy boldy.

“PEL Ltd” kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz bazaryna täze gatnaşyjy bolup, ol ýakynda geçiriljek OGT-2023 halkara maslahatynyň altyn derejeli hyzmatdaşy bolar. Kompaniýa önümlere ýokary baha goşmaga esaslanýan bäsdeşlige ukyply aýratynlyklaryny we marketing strategiýasyny ýerlikli ulanyp, nebitgaz pudagy üçin tapawutly işewürlik strategiýalaryny işläp taýýarlaýar. Bu öz gezeginde, maýa goýum taslamalaryny ýokary derejä eýe we durmuşa geçirmegiň oňyn möhletleri bilen özüne çekiji edýär.

Kompaniýanyň hünärmenleriň bilim derejesini we intellektual maýasyny ösdürmäge gönükdirilen strategik ünsi nebitgaz pudagyndaky çylşyrymly meseleleri şowly çözmäge mümkinçilik berýär. “PEL-iň” dolandyryş toparynyň soňky 30 ýylyň içinde suwuklandyrylan gaz önümçiligi, gazy we nebiti gaýtadan işlemek hem-de gazhimiýa pudagynda toplan tejribesi kompaniýanyň iş alyp barýan esasy ugurlaryny kesgitledi.

“PEL Ltd” hyzmatdaşlarynyň talaplaryna tiz wagtda jogap bermäge we degişli işleri alyp barmaga ukyply hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydyr. Ýurtlaryň uglewodorod kuwwatlyklary boýunça barlaglary geçirmek we olary artdyrmak kompaniýanyň ileri tutýan ugrudyr. Şunda öňdebaryjy işewürlik tejribesiniň giňden ulanylmagy we daşky gurşawyň goraglylygy üpjün edilýär.

“OGT 2023” forumynyň maksatnamasy energetika pudagynyň geljegi, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň amatly maýa goýum mümkinçilikleri, energetika, uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň ekologiýa taraplary, tehnologiýa täzelikleri, energiýa elýeterliligiň üpjün edilişinde adam maýasynyň ähmiýeti ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.

Häzirki günde “OGT 2023” halkara maslahatyna we sergisine dünýäniň 35 ýurdundan 400-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy hasaba alyndy. Olar özleriniň toplan tejribeleri bilen paýlaşyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebit we ählumumy taraplary ara alyp maslahatlaşarlar.

“PEL Ltd” kompaniýasy barada has giňişleýin maglumaty www.pellimited.com web salgydan alyp bilersiňiz.

“OGT 2023” halkara maslahaty we sergisi barada bolsa, has giňişleýin maglymatlar bilen www.ogt-turkmenistan.com web salgyda tanyşyp bilersiňiz.

2022