Italýan kompaniýalarynyň wekilleri işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Aşgabada geldiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Italýan kompaniýalarynyň wekilleri işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Aşgabada geldiler
Italýan kompaniýalarynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 17-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Italýan kompaniýalarynyň we “Italian Trade Agency in Istanbul” agentliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine geldi. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Italiýanyň wekiliýetiniň bu sapary iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goldaw bermek maksady bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Italiýadan gelen telekeçileriň wekiliýetine “Rinieri”, “Vignetinox”, “Ricciarelli SPA”, “RI.MA Group”, FBR-ELPO SPA, “SARBA International” ýaly kompaniýalaryň wekilleri girýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda agrosenagat tehnikasy we enjamlary, azyk senagaty we gaplaýyş pudagy boýunça Tehnologik seminar geçiriler.

2022