Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan gazyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan gazyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň üstünde işleýär
“Bir guşak, bir ýol” Üçünji ýokary derejeli maslahaty, 2023-nji ýylyň 17-18-nji oktýabry, Pekin, Hytaý (Surat: China Daily)

Türkmenistan häzirki wagtda tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki “Bir guşak, bir ýol” Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Häzirki wagtda biz türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýäris. Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň gün tertibinde iri taslamalaryň ýene-de birnäçesi bar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem maslahatyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň daşky gurşaw syýasatynyň esasy ugurlary barada aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kömürturşy gazynyň we metanyň atmosfera zyňyndylarynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak hem Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

2022