Türkmenistan Hazar, Baltika, Gara deňizlerine çykýan ulag ulgamynyň döredilmegine gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Hazar, Baltika, Gara deňizlerine çykýan ulag ulgamynyň döredilmegine gatnaşýar
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki “Bir guşak, bir ýol” Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatynda häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag we logistika düzüminiň köp şahaly ulgamyny döredýändigini we geljekde bu ulgamyň Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirjekdigini aýtdy.

“Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňiň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle hem Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara ulag geçelgeleri barada barýandygyny belledi.

“Biziň tagallalarymyz ulaglaryň ähli görnüşleri, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary arkaly transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga, baglanyşdyryjy nokatlarda logistiki terminallary döretmäge gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şolaryň biri bolup biler. Biz hyzmatdaşlaryň bähbitlerine ulanmak üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýardyrys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” türkmen strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” strategiýasyna laýyk gelýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri maslahatyň barşynda syýasy logistikanyň wajyplygy barada belläp geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022