“Daragt”: Ösümliklere ideg etmekde ygtybarly mobil kömekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Daragt”: Ösümliklere ideg etmekde ygtybarly mobil kömekçi
Raýatyň “Daragt” mobil goşundysyny ulanýan pursady

Türkmen IT topary ösümlikleriň, gök önümleriň we miweleriň keselini anyklamaga niýetlenen “Daragt” atly innowasion mobil goşundyny ulanyşa taýýarlady.

Tejribeli IT toparynyň programmistiniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, “Daragt” Türkmenistanda şu ulgamda taýýarlanylan ilkinji mobil goşundy bolup durýar. Ol Android we iOS operasion ulgamynda işleýän smartfonlar üçin niýetlenendir.

Ykjam programma ulanyjylara ösümliklerde ýüze çykýan keselleri internediň üsti bilen tiz we takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär hem-de ösen emeli aň tehnologiýasyna esaslanýar.

Işlenilip düzülen bu mobil goşundy ösümlikleriň, gök önümleriň we miweleriň diňe bir kesellerini anyklamak bilen çäklenmän, eýsem olary bejermek we öňüni almak üçin gymmatly teklipleri hem hödürleýär.

“Daragt” mobil goşundysynyň ýyladyşhana usulynda gök-önümleri, miweleri ýetişdirýänler, eksportçylar, oba hojalygy pudagynda iş alyp barýan hünärmenler, talyp ýaşlar, agranomlar hem-de jemgyýetçilik iýmit gözegçiligi pudagynda işleýän edaralar üçin peýdaly bolmagyna garaşylýar.

Türkmen IT topary soraglara jogap bermek we ýüze çykyp biljek islendik meseläni çözmek üçin tehniki goldawy hem kepillendirýär. “Daragt” mobil goşundysyny işläp düzen topar maglumatlary goramak we anyklaýyş netijeleriniň gizlinligini üpjün etmek üçin ýokary derejeli kiberhowpsuzlyk, şeýle hem serwer optimizirlemek hyzmaty bilen üpjün edýär.

Intellektual eýeçiligini satyn almaga isleg bildirýän taraplar üçin “Daragt” mobil goşundysyny taýýarlan IT  toparynyň telefon belgisi:

+993 61 74-87-58

Elektron salgysy: isaanna86@gmail.com

2022