“Baker Hughes” amerikan kompaniýasy OGT-2023 forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Baker Hughes” amerikan kompaniýasy OGT-2023 forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
“Baker Hughes” kompaniýasynyň sebitleýin edarasy, Dubaý, BAE (Surat: Baker Hughes)

“Baker Hughes” amerikan kompaniýasy 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2023) kümüş derejeli hyzmatdaşy boldy.

“Baker Hughes” energetika we senagat pudaklarynda dünýäniň dürli ýurtlarynda öz hyzmatlaryny hödürleýän tehnologiýa kompaniýasydyr. Häzirki wagtda kompaniýanyň bu pudaklarda hödürleýän enjamlary we hyzmatlary ýöriteleşen iki bölüm boýunça alnyp barylýar. Nebit senagatynyň hyzmatlary we enjamlary bölümi gury ýer hem-de deňiz çäklerindäki önüm berýän guýularyň enjamlaşdyrylmagy we zerur işleriň geçirilmegi babatda hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýär, şeýle-de zyňyndylaryň “nol” derejesine ýetmek ugrunda işjeň iş alyp barýar.

Kompaniýanyň senagat we energetika tehnologiýalary bölümi jemi dört, ýagny gaz pudagy üçin tehnologiýalar, senagat tehnologiýalary, daşky gurşawy goramak tehnologiýalary we senagat işini dolandyrmak ugurlaryny özünde jemleýär. Olar gazy öndürmekden sarp edijilere ibermäge çenli ähli ugurlary öz içine alyp, dürli düzümleriň önümçiligini artdyrmaga, energetika we beýleki pudaklaryň daşky gurşawa zyýansyz işlemegine, şeýle hem önümçilik işini sazlaşdyrmaga we çykdajylary azaltmaga ýardam edýär.

“Baker Hughes” kompaniýasy uglerod zyňyndylarynyň möçberini azaltmakda netijeli çözgütleri iş ýüzünde ulanyp, arassa energetika ugruna geçmekdäki meseleleriň oňyn çözülmeginde iş alyp barýar. Bu aýratynlyklar kompaniýanyň müşderileriniň öz maksatlaryna ýetmegine ýardam edýär. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny 50 göterim, 2050-nji ýyla çenli bolsa, bu zyňyndylardan doly saplanmagy 2019-njy ýylda borçnama hökmünde öz üstüne alan ilkinji kompaniýalaryň biridir.

“Baker Hughes” Türkmenistanda howpsuz we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak arkaly nebit we gaz gorlaryny gözlemek we ulanyşa girizmek bilen bagly işleri alyp barýar. Kompaniýa uglewodorod ýatagyny burawlamak, oňa baha bermek we ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak hem-de tebigy gazyň turbalar arkaly iberilmegi üçin gaz gysyjy enjamlar bilen üpjün etmek hyzmatlaryny hödürleýär. “Baker Hughes” energetika işini ýer ýüzüniň ýaşaýjylary üçin has howpsuz, arassa we netijeli ösdürmäge çalyşýar.

Üç günläp dowam edýän OGT-2023 forumynda milli nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara we maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň wekilleri metan gazlarynyň zyňyndylary bolmadyk geljegi gurmak ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Aşgabatda geçiriljek energetika forumyna gatnaşyjylaryň hatarynda Inženerler we nebitçiler jemgyýetiniň (SPE) prezidenti Medhat Kamal, “Baker Hughes” kompaniýasynyň (Hazar sebiti boýunça) wise-prezidenti Ýelena Akolsewa, BAE-de guraljak COP 28 Energetika geçiş halkara maslahatynyň baş ýolbaşçysy Saamir Elşihabi, SLB kompaniýasynyň işewürligi ählumumy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Marwa Hassan, Täjigistanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň orunbasary Şarif Hudobahş hem-de halkara guramalarynyň we energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçy düzümleri gatnaşarlar.

Halkara forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardamy bilen guralýar.

“OGT 2023” halkara maslahaty we sergisi baradaky has giňişleýin maglumaty www.ogt-turkmenistan.com salgy boýunça alyp bilersiňiz.

2022