AGB we USAID gymmatly kagyzlary çykarmakda hususy kompaniýalara goldaw berýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
AGB we USAID gymmatly kagyzlary çykarmakda hususy kompaniýalara goldaw berýärler
Aşgabat gazna biržasynda geçirilýän konsultasiýalardan bir pursat, Türkmenistan

Aşgabat gazna biržasy (AGB) ABŞ-nyň Ösüş maksatnamasy (USAID) bilen bilelikde Türkmenistanda telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça taslamanyň çäginde gymmatly kagyzlary çykarmak arkaly işewürligi ösdürmek üçin goşmaça maliýe serişdelerini çekmek isleýän hususy kompaniýalara konsultasiýalary hödürleýär.

Bu taslama täze maliýe gurallaryny ulanmak arkaly gazna biržasynyň ösüşine ýardam bermäge we işewür jemgyýetiň öz taslamalaryny maliýeleşdirmegiň goşmaça usullary baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Gymmatly kagyzlary çykarýanlar (emitentler) maýadarlar üçin täze mümkinçilikeri döretmek bilen maliýeleşdirmegiň täze çeşmelerine eýe bolýarlar. Gymmatly kagyzlary çykarmak arkaly goşmaça maliýe serişdelerini çekmäge ýykgyn edýän kompaniýalar bu işiň her bir tapgyryna degişli konsultatiw ýardamlary alyp bilerler.

Emitentlere gymmatly kagyzlary çykarmak işindäki düzgünler, görnüşler, bahany emele getirmek we çykarmak işine, şeýle hem Aşgabat gazna biržasynda gymmatly kagyzlary çykarmak we listinge goşmak bilen bagly kanunçylyk namalaryna hem-de kadalara düşünmekde konsultatiw kömekler berler. Şeýle hem, Aşgabat gazna biržasynyň listingine goşulmak isleýän emitentler gymmatly kagyzlar bazarynyň işi boýunça maglumatlara eýe bolarlar.

Taslama gatnaşmak üçin şu salgydaky sowalnamany doldurmak zerurdyr

Goşmaça maglumat we soraglar üçin konsultanta ýüz tutup bilersiňiz:

Telefon belgisi:

+99362609454

E-poçta adresi:

consultantagabayev@gmail.com

Aşgabat gazna biržasynyň telefon belgisi:

46-86-05, 46-88-05.

Web-saýty: www.agb.com.tm.

2022