Niderland kompaniýasy “Balkan” zawodynda deňiz düýbüni çuňaldyjy gämi gurmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Niderland kompaniýasy “Balkan” zawodynda deňiz düýbüni çuňaldyjy gämi gurmagy meýilleşdirýär
“Damen Shipyards Gorinchem” kompaniýasynyň Gorinchem şäherindäki edara binasy, Nidaerlandiýa (Surat: “Damen Shipyards”)

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary anna güni agentligiň binasynda “Damen Shipyards Gorinchem B.V.” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdylar. Duşuşykda taraplar “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda deňiz düýbüni çuňaldyjy gämileri gurmak pudagynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.

Agentligiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri gurmak babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Kompaniýanyň wekilleri gämini zawodyň özünde gurup, gurluşyk üçin zerur bolan materiallary we enjamlary zawodyň we ýerli çeşmelerden peýdalanan ýagdaýynda, taýýar gämini import etmekden ykdysady taýdan amatly boljakdygyny belläp geçdiler.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda türkmen tarapy kompaniýanyň wekillerinden deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri gurmakda gerekli enjamlar barada maglumatlara we täjirçilik teklibe garaşýandyklaryny bellediler.

Şeýle hem, Türkmenistanda gämi gurluşyk infrastrukturasyny pugtalandyrmak we gämi gurluşyk pudagyny ösdürmek üçin täze kuwwatlyklary döredýän Lebap welaýatynda ýerleşýän “Derýaýollary” paýdarlar jemgyýetiniň gämi gurluşyk zawodyny döwrebaplaşdyrmak mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirildi.  

“Damen Shipyards Gorinchem” – “Damen Shipyards” kompaniýalar toparynyň baş edarasy bolup hyzmat edýär. Gämi gurluşyk zawody hökmünde öz işini dowam etdirýändigine garamazdan, kompaniýanyň esasy wezipesi “Damen Shipyards” kompaniýalar toparynyň gündelik işini dolandyrmakdan ybaratdyr. Kompaniýa dünýäniň 5 yklymynda ýerleşýän 35 sany kärhanasynda gurulýan gämileriň giň görnüşlerini hödürleýär. Kompaniýa belli bir taslama esasynda hem-de tanker, losman, çuňaldyjy, ýük we ýolagçy, ýahta ýaly gämileriň ähli görnüşlerini öndürýär.

2022