Azerbaýjan “AI-92” görnüşli türkmen benzininiň 22,73 müň tonnasyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan “AI-92” görnüşli türkmen benzininiň 22,73 müň tonnasyny import etdi
"Azpetrol" kompaniýasynyň 40-njy belgili ýangyç guyujy bekedi, Baku, Azerbaýjan (Surat: "Azpetrol")

Türkmenistan şu ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda “AI-92” görnüşli awtobenziniň 22,73 müň tonnasyny Azerbaýjana eksport etdi diýip, “Interfaks Azerbaýjan” habarlar agentligi penşenbe güni Azerbaýjan Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Degişli döwürde Azerbaýjana eksport edilen türkmen awtobenzininiň pul hasabyndaky möçberi 19,56 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Azerbaýjan şu ýylyň 8 aýynda “AI-92” görnüşli benziniň jemi 58,62 müň tonnasyny daşary ýurtlardan satyn aldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 70,5 göterim azdyr.

Import edilen “AI-92” görnüşli benziniň umumy möçberi pul hasabynda 54,1 million ABŞ dollaryna barabar bolup, bu geçen ýylyň degişli görkezijisinden 75,8 göterim azdyr.

Azerbaýjan bu görnüşli benziniň agramly bölegini Türkmenistandan satyn aldy. Galan bölegi Litwadan (22,59 million dollarlyk 20,94 müň tonna benzin) we Russiýadan (12 million dollarlyk 14,9 müň tonna benzin) import edildi.

2022