“Türkmenistanda öndürilen” nyşanynyň şeklini saýlap almakda pudagara iş topary dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistanda öndürilen” nyşanynyň şeklini saýlap almakda pudagara iş topary dörediler
Türkmenistanyň hususy önüm öndürijileri “F-Istanbul” atly halkara azyk sergisinde, 2023-nji ýylyň 12-nji iýuly, Stambul, Türkiýe

“Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak boýunça pudagara iş topary dörediler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni mälim etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna, dokma senagatyna we hususy pudaga gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde degişli pudagara topary döretmek barada teklibi öňe sürdi.

Wise-premýer “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanynyň şekilini döretmek boýunça çäreleriň “Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna” laýyklykda geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

“Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna” laýyklykda, milli söwda nyşanly täze harytlary öndürmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.

Wise-premýer Batyr Atdaýewiň bellemegine görä, Türkmenistan halkara jemgyýetçilikde “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşany bilen ýokary hilli harytlary öndürmek we hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Bu hem üz gezegınde ýurduň dünýä bazarynda abraýyny artdyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsir edýär.

Habara görä, ýurduň ykdysady kuwwatlyklaryny we onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Bu tagallalaryň netijesinde, Türkmenistanda öndürilen önümler bäsdeşlige ukyplylylygy we ýokary hil aýratynlyklary bilen diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşarky bazarlarda hem meşhurlyga eýe bolýar.

Hökümet mejlisinde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalyp, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipeleri we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2022