Aşgabat - Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň ugrunda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sil-suw akabasyny hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Wise-premýer demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkunyň täzelenmeginiň ýurduň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy, ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam etjekdigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň ugrunda ýokarda agzalan köprüleri gurmak hakynda hödürlenen teklipleri makullap, degişli işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutany şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem, mejlisiň barşynda döwlet Baştutany "Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary gurmak hakynda" Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip, resminamadan gelip çykýan degişli işleriň geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde başga-da birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalyp, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipeleri we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.