Türkmenistan we Türkiýe Hazar deňzi arkaly türkmen gazynyň iberilmegini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Türkiýe Hazar deňzi arkaly türkmen gazynyň iberilmegini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda bolan ikitaraplaýyn duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagy, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry, Ankara, Türkiýe (Surat: AA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türkmen tebigy gazyny Hazar deňzi arkaly Türkiýä ibermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, iki ýurduň Prezidentleriniň penşenbe güni Ankara şäherinde bolan ikitaraplaýyn duşuşygyndan soň geçirilen metbugat beýanatynda mälim edildi.

Duşuşygyň dowamynda şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňzi arkaly Türkiýä ibermek meseleleri we özara söwdany ýokarlandyrmagyň zerurlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

"Türkmen tebigy gazy strategik ähmiýete eýe boldy. Biz hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji gurallary arkaly energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça ädimlere uly ähmiýet berýäris. Biz Hazar üstaşyr geçelgesi boýunça bilelikdäki gepleşikleri geçirdik we Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça ylalaşyklary gazandyk" diýip, Türkiýäniň Prezident Rejep Taýyp Ärdogan metbugat ýygnagynda belledi.

Rejep Taýyp Ärdogan Türki döwletleriň guramasyna synçy hökmünde gatnaşýan Türkmenistany bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde görmek isleýändigini beýan etdi.

Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň jemleri boýunça 13 ugur, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim, medeniýet we ýaşlary syýasatyny durmuşa geçirmek ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklara gol çekildi.

2022