AÖB Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
AÖB Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýmagy meýilleşdirýär
“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara maslahaty, 2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Aziýa Ösüş banky (AÖB) Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagyna maýa goýumlary gönükdirmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada halkara maliýe düzüminiň Türkmenistan boýunça direktory Artur Andrisiak “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

AÖB az uglerod bölüp çykaryjy synag taslamalaryna we pul karz syýasaty boýunça anyk özgertmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem bank tebigy gazy çykarmak, ibermek we gaýtadan işlemek pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmegi goldamagyny dowam etdirer. Bu maýa goýumlar Uglerod neýtrallygyny üpjün etmek boýunça uzakmöhletleýin meýilnama laýyklykda ylalaşylar.  

Andrisiak AÖB-niň energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerine geçmek boýunça işlere gyzyklanma bildirip, Türkmenistan bilen bu ugurda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

AÖB-niň ýurt boýunça direktory Türkmenistanda maýa goýmak üçin birnäçe esasy ugurlaryň hatarynda gaz turbinalarynyň işini has netijeli utgaşdyrylan görnüşe geçirmek, elektrik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, Gün we ýel elektrik kuwwatlyklaryny öwrenmek arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem elektroenergiýanyň we tebigy gazyň bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly onuň eksport ugurlaryny giňeltmek işlerine ýardam bermegi görkezdi.

Halkara maliýe düzüminiň ylmy edaralaryň işini kämilleşdirmäge, bu ugurda ögertmeleriň geçirilmeginde, strategiýalary, ýol kartalary taýýarlamakda, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda, Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesini ösdürmekde Türkmenistana tehniki goldawy bermäge we Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär.

Şu ýylyň iýun aýynda AÖB Türkmenistan bilen 2024 – 2028-nji ýyllarda täze hyzmatdaşlyk strategiýasynyň kiçi we orta telekeçiligi, startaplary goldamaga, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny, sanly tehnologiýalary, Gün elektrik ulgamyny özleşdirmegi we suw hojalygyny ösdürmäge gönükdiriljekdigini habar berdi.

2022