Halkara söwda merkezi we ÝB Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagyny goldaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halkara söwda merkezi we ÝB Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagyny goldaýar
Halkara söwda merkezi bilen ÝB arasynda Türkmenistanyň BSG-a goşulmagyna gönükdirilen ylalaşygya gol çekmek dabarasy, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy)

Halkara Söwda merkezi (HSM) we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna girmegini hem-de bu köpugurly söwda ulgamyna agza bolup goşulmagyny goldamaga gönükdirilen taslamany işe girizmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy penşenbe güni habar berdi. 

Degişli ylalaşyga gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň gatnaşmagynda geçirildi. Ol bu iri abraýly gurama Türkmenistanyň goşulmagy boýunça halkara düzümleriniň hyzmatdaşlyk edýändiklerini we goldaýandyklaryny nygtady. 

Bu ylalaşyk Halkara söwda merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Pamela Kok-Gamilton we halkara hyzmatdaşlyk boýunça baş direktoryň orunbasary Miriam Ferrand tarapyndan gol çekildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy herekete getirmegiň çäklerinde 6 million ýewro bölüp bermek göz öňünde tutulýar. Bu maliýeleşdiriş işi 2021-2024-nji ýyllar döwründe 11 million ýewrony bölüp bermek boýunça gol çekilen ylalaşygyň diňe bir bölegidir. 

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu taslama Türkmenistanyň ykdysady ösüşini goldamagy, kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär. 

Taslamanyň çäklerinde söwda syýasatyny durmuşa geçirmek, onuň hukuk esaslaryny we işini halkara ülňülerine hem-de talaplaryna laýyk getirmek üçin çäreleri durmuşa geçirmek maksat edilýär. Türkmenistanyň özi hem dünýä söwda ulgamyna goşulmak, söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmak we daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin tagalla edýär. 

Degişli wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanda işewürlik gurşawy gowulandyrylyp, ýerli we halkara işewürler üçin deň şertler üpjün ediler hem-de kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylar.

2022