Serdar Berdimuhamedow: täze beket Türkiýä elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow: täze beket Türkiýä elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik berer
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda giňeldilen görnüşde geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry, Ankara, Türkiýe (Surat: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda, Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda kuwwatlylygy 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň başlamagy türkmen elektrik energiýasyny Türkiýä ibermek üçin mümkinçilikler döreder. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy oktýabrda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen Ankarada bolan duşuşygynyň dowamynda mälim etdi.

Bu desganyň gurluşygyny ýerli hünärmenleriň türkiýeli hyzmatdaşlar bilen özara hyzmatdaşlygynda bilelikde durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny üçünji ýurtlaryň çäklerinden üstaşyr geçirmek arkaly Türkiýä ibermek meselesine seretmegi teklip etdi.

Mundan daşary, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türkmen tebigy gazynyň Hazar deňzi arkaly Türkiýä iberilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

2022