"Dragon Oil" Türkmenistandaky işlerini ekologiýa taýdan howpsuz görnüşe geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Dragon Oil" Türkmenistandaky işlerini ekologiýa taýdan howpsuz görnüşe geçirýär
“Dragon Oil” kompaniýasynyň “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” atly halkara sergidäki diwarlygy, 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

"Dragon Oil-iň" Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşi Al-Jarwan 2027-nji ýyla çenli Türkmenistandaky uglewodorod serişdelerini gazyp alýan guýularynyň ýakýan gazyny "0" derejä ýetirmegi we munuň netijesinde bolsa, alyp barýan işlerini ekologiýa taýdan howpsuz görnüşe geçirmegi maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

"Häzirki wagtda biz ugurdaş çykarylýan gazyň 70 göterimini netijeli peýdalanýarys. Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini gazyp almak boýunça alyp barýan işlerimizi ekologiýa taýdan howspuzlygyny üpjün etmek maksady bilen bu görkezijiniň geljek 3 ýylda 100 göterime ýetiriljekdigine umyt bildirýäris" diýip, Ali Raşid Al Jarwan belledi. 

Kompaniýa hyzmatdaşlary, şol sanda "Türkmennebit" döwlet konserni bilen hyzmatdaşlykda häzirki wagtda iş alyp barýan ýatagyny 3D usulda barlamak işini hem tamamlady. Bu öz gezeginde, nebit guýusyny gurmagyň anyk ýerini kesgitlemäge ýardam eder. 

Kompaniýanyň Baş ýerine ýetiriji direktory soňky döwürde nebitgaz pudagynda birnäçe netijeli gepleşikleriň geçirilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy. 

Birleşen Arap Emirlikleriniň "Dragon Oil" kompaniýasy Önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Hazar deňziniň "Çeleken" şertnamalaýyn çägindäki "Jeýtun" we "Jygalybeg" nebit ýataklaryny işlemek arkaly uglewodorod serişdelerini gazyp almak onuň alyp barýan esasy iş ugrudyr. "Dragon Oil" kompaniýasynyň bu taslama gönükdiren maýa goýumynyň möçberi 8 milliard ABŞ dollaryndan geçýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022