Türkmen banky “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banky “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
“Fitch Ratings” halkara agentliginiň Baş edara binasy, London, Beýik Britanýa (Surat: hearst.com)

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygy giňelder. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow degişli ylalaşygy baglaşmak boýunça geçirilýän işler barada şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Karz derejesini kesgitleýän abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň ýönekeýleşdirilmegine hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer diýip, ýurduň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürmelidigini belledi. Şeýle hem “Fitch Ratings” agentligi tarapyndan Türkmenistana berlen halkara derejeleriň ýurdumyzyň halkara maliýe abraýyny has-da ýokarlandyrýandygyny nygtady we bu ugurda işleri yzygiderli alyp barmak babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

“Fitch Ratings” – bu karz derejesini, seljeriş synlaryny we barlaglary geçirmäge ýöriteleşen halkara kompaniýadyr. Ol anyk maliýe gurallaryna ýa-da bazarlaryna maýa goýmak bilen bagly maliýe durnuklylygyna we töwekgelçiliklerine baha berýär. Bu, öz gezeginde, maýadarlara esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge we maliýe bazarynyň ýagdaýlaryny seljermäge şert döredýär.

2022