Türkmen manady 30 ýaşady

BIZNES TÜRKMENISTAN
 Türkmen manady 30 ýaşady
Türkmen manadynyň dolanşykdaky banknotlary

Türkmenistan milli pul birligi — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär.

Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerini we türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyn resmi metbugaty habar berdi.

“Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny hem-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmakdan, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly aralaşmagy üçin oňaýly makroykdysady şertleri döretmekden ybarat bolup durýar. Baş maksada ýetmekde bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolan bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda nygtalýar.

Türkmenistanyň milli pul birligi – manat 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilip, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan täze denominirlenen kagyz we teňňe pullary ulanyşa goýberildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022