Aşgabatda “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžiniň Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça wise-premýeri Baýmyrat Annamämmedow bilen duşuşygy, 2023-nji ýylyň 31-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Koreýa Respublikasynyň DIM-i)

Sişenbe güni Aşgabatda "Daewoo Engineering & Construction" kompaniýasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Kompaniýanyň Aşgabatdaky şahamaçasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžiniň Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça wise-premýeri Baýmyrat Annamämmedow bilen duşuşygy boldy.

Onuň barşynda wise-premýer koreý kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Wise-premýer Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň "Galkynyş" gaz ýatagynda kükürt arassalaýjy, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy ýaly iri taslamalara gatnaşandyklaryny belledi. Baýmyrat Annamämmedow şeýle hem energetika we gurluşyk pudaklarynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Pak Çžin öz gezeginde türkmen tarapyny hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyryp, mineral dökün öndürýän, tebigy gazy suwuklandyrmak we kükürt arassalaýjy kärhanalary gurmak ýaly taslammalara koreý kompaniýalarynyň gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Ol şeýle hem, türkmen bazaryna çykmakda, energetika we gurluşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde koreý işewürler toparlarynyň ymtylmalaryna goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy" 16-njy Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi. Aşgabada resmi saparynyň çäklerinde, Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen hem duşuşdy.

2022