Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni täze energetika desgasynyň – kuwwatlylygy 1574 megawatta deň bolan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Asylly däbe görä, Türkmenistanyň döwlet Baştutany täze desganyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady we hormatly ýaşulular bilen bilelikde geljekki elektrik stansiýanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Bu ýerde ABŞ-nyň ''General Electric'' kompaniýasynyň önümi bolan tebigy gazda işlejek 4 sany gaz turbinasy we 2 sany bug turbinasy oturdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem bu ýerden sanly ulgam arkaly ''Mary — Ahal'' asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurdumyzyň bitewi elektrik ulgamyna birikdirmäge ak pata berdi. Mary we Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri düwmäni basmak bilen täze asma elektrik geçirijisini ulanmaga berdiler. Soňra sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gaz turbinaly energiýa bloklarynyň işe girizilmegine badalga berdi.

Soňra dabaralar Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde dowam etdi. Bu ýerde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleri üçin niýetlenen degişli durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän iri ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 28-nji oktýabrda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny we ony energoulgama birikdirmek üçin gerek bolan elektrik geçiriji ulgamlary gurmak hem-de bar bolan döwlet elektrik stansiýalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Karara laýyklykda, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we desgany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip bermek tabşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022