“Balkan” gämigurluşyk zawody “KOMEA” bilen $42 millionlyk şertnama baglaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Balkan” gämigurluşyk zawody “KOMEA” bilen $42 millionlyk şertnama baglaşdy
“Balkan” gämigurluşyk zawodynda alnyp barylýan işlerden bir pursat

“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody hem-de Koreýanyň Deňiz enjamlary assosiasiýasy (KOMEA) 6,1 müň tonna umumy ýükleri daşamaga (Multi Purpose Carriers) niýetlenen gämileriň taslamalaryny düzmek we bilelikde gurmak hem-de degişli enjamlary getirmek boýunça 42 million ABŞ dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada Gukjanews habarlar agentligi habar berdi.

Häzirki zaman infrastruktura, önümçilik kuwwatlyklaryna eýe bolan “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň “KOMEA” bilen özara gepleşikleri geçirrninden soňra, hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirildi. Koreý gämigurluşyk tehnologiýalarynyň importy Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ödürmäge şert döreder. “Bu taslama biziň gämigurluşyk we deňiz enjamlary önümçiligi boýunça kiçi we orta kärhanalarymyzyň daşary ýurtlara eksporty üçin möhüm binýady emele getirip, Hazar deňziniň degişli bazarynda öňdäki orny eýelemäge mümkinçilik döredýär” diýip, “KOMEA-nyň” Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki şahamçasynyň wekili belledi.

Köp maksatly ýükler üçin niýetlenen “MPC 6,1K” synply gämiler bir wagtyň özünde ürgün we konteýner ýükleri daşap bilýär. Şeýle görnüşli gämiler Hazar we Gara deňizleriniň, Wolga hem-de Don derýalarynyň suw giňişlikleri üçin-de amatlydyr. Bu gäminiň uzynlygy 128 metre, ini bolsa 16,5 metre ýetýär.

Şu ýylyň sentýabr aýynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary Koreýanyň Deňiz enjamlary assosiasiýasynyň (KOMEA) we “Koryo Shipbuilding Industry Technology. Co.,Ltd.” (KSIT) kompaniýasynyň wekilleri bilen “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda 2 sany gury ýük gämileriniň taslamasyny düzmek meselelerini maslahatlaşdylar.

2022