Türkmenistan we Gazagystan bilelikde serhetýaka söwda merkezini döretmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gazagystan bilelikde serhetýaka söwda merkezini döretmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi, 2023-nji ýylyň 4-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Astana şäherinde Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen bolan duşuşygynda serhetýaka söwda merkezini döretmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistany resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenişine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystanyň Mangistau oblasty bilen serhetde şeýle merkezi döretmek mümkinçiliklerini öwrenmäge girişmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň we Gazagystanyň paýtagtlarynda iki ýurduň söwda öýlerini açmak mümkinçiliklerine garamak öňe sürüldi. Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda söwda dolanyşygyny we iberilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak üçin Iş toparynyň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmek, şeýle hem Türkmen-gazak Işewürler geňeşiniň birinji mejlisini geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda, taraplar söwda-ykdysady ulgamyň türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biriliginden ugur alyp, bu ulgamdaky görkezjileriň 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki döwletleriň guramasynyň Liderleriniň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin anna güni Astana şäherinde saparda boldy. Sammitiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Türkiýe we Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlykda tebigy gazy Hazar deňzi arkaly ibermek meseleleriniň ýakyn geljekde çözüljekdigine umyt bildirýändigini mälim etdi.

2022