Türkmenistanyň Parižde geçiriljek Ýewraziýa hepdeligine gatnaşmagy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Parižde geçiriljek Ýewraziýa hepdeligine gatnaşmagy maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň YHÖG-niň Ýewraziýa müdiriýetiniň başlygy Uilýam Tompson bilen duşuşygy, 2023-nji ýylyň 7-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow sişenbe güni Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Ýewraziýa müdiriýetiniň başlygy Uilýam Tompson bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda, myhman şu ýylyň 12 – 14-nji dekabrynda Parižde geçiriljek YHÖG-niň Ýewraziýa hepdeligine gatnaşmak mümkinçilikleriniň maslahatlaşylýandygyny belledi we bu çäre barada umumy düşünje berdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, Tompson hususy düzümiň hukuk esaslary üpjün etmek boýunça umumy esaslara ünsi çekip, Merkezi Aziýa ýurtlarynda söwda, ykdysadyýet, maýa goýum we logistika pudaklarynda işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHÖG-niň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, işewürlik gurşawyny gowulandyrmak, mýa goýumlary çekmek, sanly ulgamy kämilleşdirmek we ýurduň bu abraýly gurama goşulmak meseleleri maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Transhazar halkara ulag geçelgesiniň işine gatnaşmagy ýaly teklipler öňe sürüldi. Bu halkara ulag geçelgesi häzirki wagtda Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda işlenilip düzülýär we taýýarlanylýar.

YHÖG – bu demokratik we erkin bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerini ykrar edýän ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň halkara guramasydyr. Guramanyň esasy maksady dünýä ykdysadyýetini goldamakdan, gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine ýardam bermekden, olary ählumumy ykdysady ösüşe goşýan goşandyny artdyrmakdan, şeýle hem agza däl döwletleriň ösmegine itergi bermekden ybaratdyr.

2022