Serdar Berdimuhamedow YHG ýurtlaryny kiçi we orta işewürligi ösdürmäge çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow YHG ýurtlaryny kiçi we orta işewürligi ösdürmäge çagyrdy
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisi, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry, Daşkent, Özbegistan (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisindäki çykyşynda YHG-niň ýurtlaryny kiçi we orta telekeçiligi hem-de söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini ösdürmekde hyzmatdaşlyga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisiň dowamynda  Serdar Berdimuhamedow sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek we hyzmatlar pudagynda hyzmatdaşlyk üçin amatly serhetýaka gurşawyny döretmegiň möhümligini nygtady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýurtlarymyzyň eýe bolan mümkinçilikleri barada maglumatlary öz içine alýan “Maglumat portalyny” döretmegi teklip etdi hem-de barha artýan energiýä isleglerini kanagatlandyrmak üçin netijeli hyzmatdaşlyk modelini işläp düzmegiň möhümligini belledi.

“Men öz tarapymdan, häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar arkaly YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdyp bilerin” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany şeýle hem sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany harytlaryň, hyzmatlaryň hereket etmegi üçin ykdysady geçelgeleri döretmegiň wajypkygyny nygtap, YHG-niň öňdebaryjy senagat şereketlerini, maýa goýum kompaniýalaryny we banklaryny hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň dowamynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe hem sürdi. Şunda ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin häzirki zaman ulag we aragatnaşyk düzümleriniň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Ýewraziýanyň ulag geçelgeleriniň tutuş yklymyň gülläp ösmegindäki ähmiýetli ornuny belläp, degişli döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň gatnaşmagynda, Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky meselä seretmegi teklip etdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň indiki sammiti Azerbaýjanda geçiriler.

2022