“Ayan Travel” syýahatçylyk kärhanasy Londonda “World Travel Market” sergisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ayan Travel” syýahatçylyk kärhanasy Londonda “World Travel Market” sergisine gatnaşdy
“Ayan Travel” syýahatçylyk kärhanasynyň “World Travel Market” atly halkara sergisindäki diwarlygy, 2023-nji ýylyň 6-8-nji noýabry, London, Beýik Britanýa

Türkmenistanyň “Ayan Travel” syýahatçylyk kärhanasy 6 – 8-nji noýabrda Londonda geçirilen “World Travel Market” (WTM) atly halkara sergisine gatnaşdy.

Milli syýahatçylyk kärhanasynyň bu halkara sergä gatnaşmagy Türkmenistanyň syýahatçylyk kuwwatlyklaryny tanyşdyrmakda we halkara syýahatçylaryň ünsüni çekmekde möhüm ähmiýetli mümkinçilik boldy. “Ayan Travel” syýahatçylyk kompaniýasy özüniň dürli görnüşli syýahatçylyk hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. Bu hyzmatlar özünde Türkmenistanyň gaýtalanmajak medeni we tebigy gözelliklerine syýahatlary guramagy özünde jemleýär.

“WTM” halkara sergisi syýahatçylyk kärhanalaryna dürli ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we mümkin bolan taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga şert döredýär. Bu öz gezeginde, Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek we daşary ýurtly syýahatçylaryň köpsanlysyny çekmek üçin täze şertleri döreder.

Türkmenistanyň Londonda geçirilen sergä gatnaşmagy, ýurduň syýahatçylyk boýunça geljegi uly ugurlaryň biridigi baradaky derejesini tassyklap, onuň halkara syýahatçylyk bazaryndaky ähmiýetli ornuny pugtalandyrdy.

“World Travel Market London” – bu işewürligi ýöretmek, öwretmek we bu ugurda özara pikir alyşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe hünärmenleri bir ýere jemleýän möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir. Oňa geçen ýyl dünýäniň 194 döwletinden 35 müňden gowrak hünärmen gatnaşdy.

“Ayan Travel” syýahatçylyk kärhanasy bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgileri:
+993 12 227005
+993 12 227014

Elektron poçta salgysy:

support@ayan-travel.net;

Resmi web-saýtlary:

ayan-travel.net

ayan-turkmenistan.travel

"Instagram" sahypasyayan_travel_and_tourism

2022