Aşgabatda 28-30-njy noýabrda “Agro-Pak Türkmenistan - 2023” ady bilen azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi geçiriler. Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Sofuar” kompaniýasy gurnaýar.
Bu halkara sergide Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň degişli pudaklarynyň kompaniýalary öz önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrarlar.
Şeýle-de Gollandiýanyň, Russiýanyň we Eýranyň ýörite pawilýonlary gurnalar. Sergä gatnaşyjylar esasan şu ugurlar boýunça önümlerini we hyzmatlaryny hödürlärler:
- azyk önümçiliginiň enjamlary;
- faplama önümleri we gaplama enjamlary;
- azyk önümleri we iýmit goşundylary;
- çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary;
- däne saklaýyş we degirmen ulgamlary;
- ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary;
- guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar;
- oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler
- suwaryş ulgamlary.
Bu “Agropak” halkara sergisine daşary ýurtly kompaniýalar bilen bir hatarda Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçileriň we kompaniýalaryň gatnaşmaga gyzyklanma bildirmegi eýýämden çäräniň netijeli boljakdygyny görkezýär” diýip, Sofuar kompaniýasynyň wekili Ismail Enwerogly “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren gürrüňinde aýtdy.
Şeýle-de, Enwerogly bu görnüşdäki sergileriň ozal Özbegistanda we Yrakda hem gurnalandygyny we ýokary netijelilige eýe bolandygyny belläp geçdi.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.