“Nokia” Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nokia” Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär
“Nokia” kompaniýasynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisindäki diwarlygy, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Finlýandiýanyň “Nokia” kompaniýasy Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisiniň çäklerinde kompaniýanyň wekili Iwa Lewinskiý “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen bolan söhbetdeşliginde mälim etdi.

Şahsy kiberhowpsuzlyk – bu sanly gurşawda dürli görnüşli kiber hüjümlerinden maglumatlaryň goramaga ýöriteleşen pudakdyr. Ol kiberhüjümleriň netijesinde howp abanyp biljek şahsy, maliýe, şahsyýeti kesgitleýän maglumatlaryň we beýleki esasy elementleriň goraglylygyny üpjün edýär.

Lewinskiý “Nokia-nyň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny we sanlylaşdyrmak hem-de internet ulgamyny ösdürmekde goldamaga taýýardygyny nygtady.

Iwa Lewinskiý “Türkmentel-2023” sergisiniň diňe bir Türkmenistanyň resmi adamlary we telekeçileri bilen däl-de eýsem, tutuş sebitiň degişli ugurdaky wekilleri bilen duşuşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredendigini belledi. Şeýle hem, kompaniýanyň wekili Türkmenistanyň tehnologiýa kuwwatlyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belledi.

“Nokia Corporation” – bu mobil, öý aragatnaşygy, giň ýygylykly IP ulgamy üçin telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän Finlýandiýanyň transmilli kompaniýasydyr.

2022