“Doly Horjun” HJ täze “Horjun Prime” atly goşundysyny işläp taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Doly Horjun” HJ täze “Horjun Prime” atly goşundysyny işläp taýýarlady
''Doly Horjun'' hojalyk jemgyýetiniň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisindäki diwarlygy, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Geçen hepdäniň pnşenbe güni Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisiniň çäklerinde “Doly Horjun” hojalyk jemgyýeti “Horjun Prime” atly täze programma goşundysyny tanyşdyrdy.

“Horjun Prime” ulanyjylara giň möçberli wideomazmuna elýeterliligi üpjün edýär. Ulanyjylar onuň üsti bilen täze filmlere, seriallare, bilim-ylym baradaky gepleşiklere, aşhana we aýdym-saz ýaýlymlaryna tomaşa edip, wagtlaryny hoş geçirip bilerler.

“Horjun Prime” goşundysynyň ulanyjylary 720p derejesinden iň ýokary 4K durulygynda wideoşekillere tomaşa edip bilerler. Ol wideoşekiliň iň ýokary hilli durulykda görkezilmegini üpjün edýär. Mundan başga-da, ulanyjylar filmiň dillerini özleri saýlap we ýene dürli dillerdäki ýazgy düşündirişlerini sazlap bilýär. Bu bolsa, islege we zerurlyga görä tomaşa etmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýär.

Kompaniýanyň hünärmenleriniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, degişli programma goşundysy “Android”, “iOS” we “Android TV” platformalarynda şu ýylyň dekabr aýynyň başynda elýeterli bolar. Ony smartfon, telewizor ýaly dürli görnüşli görkeziş enjamlarynda ulanyp bolar. Goşundynyň ähli hyzmatlary täze “Horjun Prime” web-saýtynda elýeterli bolar.

Ulanyjylar kesgitlenen söwda merkezlerinde özleriniň “Altyn Asyr” töleg kartlary arkaly goşundynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin tölegleri töläp bilerler.

Mundan ozal, “Doly Horjun” hojalyk jemgyýeti tomaşaçylara köpsanly tölegsiz hyzmatlardan peýdalanmaga şert döredýän “HorjunTV” platformasyny işläp taýýarlapdy. Bu platformada töleg etmezden filmlere, seriallara, multfilmlere, onlaýn teleýaýlymlara we başga-da köpsanly gepleşiklere tomaşa edip bolýar. Bu platformada hatda mahabat ýerleşdirmek hyzmaty hem elýeterlidir.

2022