Daşary ýurtly işewürler Türkmenistanyň ulag-logistika ugurlaryna gyzyklanma bildirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly işewürler Türkmenistanyň ulag-logistika ugurlaryna gyzyklanma bildirdiler
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň 5-nji işewürlik forumy, 2023-nji ýylyň 8-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Çarşenbe güni Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň 5-nji işewürlik forumyna gatnaşan Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Pakistanyň işewür toparlary Türkmenistanyň ulag-logistika ugurlaryna gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, işewürler şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary we telekeçiler tarapyndan öndürilýän dokma önümlerine, olaryň öndürýän we dünýäniň ençeme ýurtlaryna eksport edýän, ýokary hilli dürli görnüşli harytlaryna, Türkmenistanda öndürilýän nebit we himiýa önümlerine gyzyklanma bildirdiler. 

Habarda bellenilöi ýaly, halkara çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Şeýle-de, Pakistan Yslam Respublikasyndan telekeçi Türkmenistanda Pakistanyň Söwda öýüni açmaga gyzyklanma bildirdi.

“UzDaily” neşiriniň habar bermegine görä, işewürlik forumy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň çäklerinde guraldy. Onuň işine Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden 300-den gowrak wekil gatnaşdy. Olar YHG-niň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony giňeltmegiň hem-de işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

2022