Türkmenistan-Hytaý: telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilmegi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Hytaý: telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilmegi maslahatlaşyldy
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaýyň “JD.com Incorporation” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşygy, 2023-nji ýylyň 10-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet anna güni Hytaýyň “JD.com Incorporation” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada agentligiň metbugat gullugy habar berdi.

Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde bolan duşuşykda bilelikdäki işleriň ugurlaryna, şol sanda elektron söwdany hem-de telekommunikasiýalar pudagyna häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerine garaldy.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleri elektron söwda we sanly tehnologiýalar ulgamynda “JD.com Incorporation” kompaniýasynyň hödürläp biljek innowasion çözgütlerine gyzyklanma bildirdiler.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistandaky aragatnaşyk ulgamyndaky işleri dolandyrýan we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän esasy ýerine ýetiriji edaradyr. Agentlik ýerli we mobil aragatnaşygy, internet, poçta hyzmatlaryny, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegini, kiberhowpsuzlygy, hemra aragatnaşygy, şeýle hem milli tele we radio ýaýlymlaryň alnyp görkezilişini üpjün edýär.

2022