Ýanwar-oktýabr: Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ýük daşalyşyny 23,8% artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ýük daşalyşyny 23,8% artdyrdy
Türkmenistanyň Deňiz söwda flotunyň "Kenar" ýük gämisi, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Deňiz söwda flotunyň gämileri tarapyndan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýük daşalyşyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 23,8 göterim ýokarlanyp, jemi 1,884 million tonna barabar boldy.

Deňiz söwda flotunyň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, flotuň ýük daşamak boýunça meýilnamasy 129,9 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýük dolanyşygy 789,134 million tonna-kilometre ýetip, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 20,1 göterim ösdi. Geçen 10 aýyň jemleri boýunça göz öňünde tutulan iş meýilnamasy 229,2 göterim ýerine ýetirildi. Daşalan konteýner ýükleriniň möçberi 3271 TEU birligine deň bolup, 265,9 göterim ösüş gazanyldy.

Ýolagçy gatnatmakda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 58,7 göterim ösüş gazanylyp, umumylykda 7,912 million ýolagçy-kilometre barabar boldy. Ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama 240,9 göterim ýerine ýetirildi.

Deňiz söwda flotunyň gämileriniň şu ýylyň ýanwar- iýun aýlarynda daşan ýükleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 31,4 göterim artyp, jemi 1150,50 müň tonna barabar boldy.

2022