“Huawei” we “Xiaomi” kompaniýalarynyň Hytaýyň akylly telefon bazaryndaky ösüşi

Nurmyrat Mommaýew
“Huawei” we “Xiaomi” kompaniýalarynyň Hytaýyň akylly telefon bazaryndaky ösüşi
Huawei kompaniýasy “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisinde, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Oktýabr aýynda Hytaýyň akylly telefon bazarynda 11 göterim ösüşiň gazanylmagy bu bazarda uly üýtgeşmeleriň bolup geçýändigine şaýatlyk edýär. Hususan-da, “Huaweiň” satuwynyň 83 göterim ýokarlanmagy, kompaniýanyň şowly strategik ädimleri ädendigini we üns çekmek üçin tagallalary durmuşa geçirýändigine şaýatlyk edýär. Degişli aýda “Xiaomi-niň” satuwynyň 33 göterim ýokarlanmagy oňyn görkezijilerden nyşandyr.

“CounterPoint” neşiriniň hasabatynda bellenilşine görä, soňky 10 çärýekde dowam edýän akylly telefon bazarynyň pese gaçyşlygyndan soň, şu ýylyň 4-nji çärýeginde bu bazaryň gaýtadan janlanmak meýilleri göze ilýär. Bu bazaryň gaýtadan ösüşe eýe bolmagynda strategik ädimleri ätmäge we ösüş kuwwatlyklary bolan “Huawei” we “Xiaomi” ýaly esasy kompaniýalar kesgitleýji orny eýeläp bilerler.

“Huaweiň” üstünligi görnüşi ýaly, köp babatda kompaniýanyň ozal goýan strategik maksatlaryna we sarp edijileriň çalt üýtgeýän isleglerine uýgunlaşyp bilmek ukybyna bagly bolar. Hasabatda “Apple-iň” ýoklugy bolsa, bu kompaniýanyň hytaý bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň peselip biljekligini habar berýär.

Bazaryň şeýle häsiýetde öňe gitmegi diňe bir ösüş we özgeriş ýörelgesi nukdaýnazaryndan baha bermegi däl-de, eýsem, tehnologiýa ägirtleriniň özara göreşini hem-de strategik çözgütlerini hem beýan edýär. “Huaweiň” oňyn ösüşe eýe bolmagy, onuň diňe bir Hytaýda däl, eýsem ählumumy derejede hem täsirli orny eýeleýändigini nygtaýar.

“Apple-iň” satuw görkezijileri hasaba alnanda, Hytaýyň akylly telefon bazarynda bäsdeşligiň barlyşyksyz we durnuksyz ýagdaýda bolmagynda galýandygyny habar berýär. Bu üýtgeşmeler bazardaky öňdebaryjy kompnaiýalaryň ornunyň üýtgemeginde we bäsdeşlikli ösüşiň gazanylmagynda möhüm kesgitleýji görkezijiler bolup durýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022