"Nurly meýdan" daýhan hojalygy ýylda 12 million jüýje çykarmaga ukyply inkubatorlara eýelik edýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Şeýle hem, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýän daýhan hojalygynyň ýylda 8 tonna guş etini we 16 million sany hem guş ýumurtgasyny öndürmäge mümkinçilikleri bar. Häzirki wagtda daýhan hojalygynda 50 müňe golaý towuk saklanyp, meýilnama laýyklykda, bu görkezijini ýylda 200 müňe ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Habar berlişine görä, towuk üçin ähli iýmler daýhan hojalygynyň öňdebaryjy enjamlar bilen ornaşdyrylan kärhanasynda öndürilýär. Onuň ýyllyk iým öndürijilik kuwwaty 72 müň tonna ýetýär. Kärhanada towuklary saklamak we ösdürip ýetişdirmek üçin ýokary ülňülere laýyk gelýän döwrebap şertler döredilendir.
"Nurly meýdan" daýhan hojalygy Türkmenistanda ilkinji bolup, tehniki usulda guş etiniň we ýumurtgasynyň önümçilik taslamasyny durmuşa geçiren hususy kärhanadyr. Şunda guşçulyk pudagynyň häzirki zaman we synagdan geçen tejribeleri hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanylýar. Şeýle hem guşçulyk kärhanasynda "Enelik towuk" taslamasy boýunça işler alnyp barylýar.