Tükmenistanyň Prezidenti: Pagtanyň we bugdaýyň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak wajypdyr

BIZNES TÜRKMENISTAN
Tükmenistanyň Prezidenti: Pagtanyň we bugdaýyň satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak wajypdyr
Türkmenistanyň hormatly ýaşululary gyşlyk bugdaý ekiş dabarasynda, 2023-nji ýylyň 6-njy sentýabry, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, daýhanlary ykdysady taýdan höweslendirmek üçin degişli teklipleri taýýarlamak we çäreleri durmuşa geçirmek maksat edilýär. 

Mälim edilişine görä, satyn alyş nyrhalaryň ýokarlandyrylmagy daýhanlaryň çekýän zähmetine bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga we netijede ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de kuwwatlanmagyna ýardam eder.

Serdar Berdimuhamedow şeýle hem daýhanlaryň zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi. 

Saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýakyn döwürde Arkadag şäherinde düzüminde ýokary okuw mekdebi we ylmy barlag institutlary bolan oba hojalyk şäherçesiniň kemala getiriljekdigini belledi.

2022